logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILDIRIŞ!



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda meşhur fransuz fotosuratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýyllarda ýurdumyzyň çäginde düşüren fotosuratlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys.


Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy


Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 92-71-69