HABARLAR


«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Täzelikler

09.09.2024

Şu ýylyň 7-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

WATANYMYZYŇ WASPY REŇKLERIŇ OWAZYNDA

Täzelikler

09.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň «Watanymyzyň waspy reňkleriň owazynda» atly toparlaýyn sergisi geçirilýär.

ÇARWADARLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARY-HALKLARYŇ ARASYNDA DOSTLUGYŇ WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEGIŇ DABARALANMASY

Täzelikler

09.09.2024

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça ÇarwadarlaryňV bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «AKYLLY» ŞÄHERIŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ GURLUŞYGYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BILEN TANYŞDY

Täzelikler

09.09.2024

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

UMUMY ADAMZAT ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGY, GARAŞSYZ WATANYMYZ BAGTYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

06.09.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Neşirleri toplaýyş bölümi, Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi, Kitap saklaýan bölümleri tarapyndan gurnalan «Umumy adamzat şahyry Magtymguly Pyragy, Garaşsyz Watanymyz bagtyň çyragy» atly söhbetdeşligi geçirildi.

KITAP YLYM-BILIMIŇ AÇARY

Kitaphanalar

06.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 33-nji orta mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Kitap ylym-bilimiň açary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

HALK MASLAHATY: BAGTYÝAR DURMUŞ, NURANA GELJEK

Kitaphanalar

06.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty: bagtyýar durmuş, nurana geljek» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

BILIMLI ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

06.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebinde «Bilimli ýaşlar Watanymyzyň daýanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

BILIM BAGTYŇ AÇARY

Kitaphanalar

06.09.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän yöriteleşdirilen 76-njy orta mekdepde ýaş nesilleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyndan ýaşlara berilýan gymmatly öwüt-ündewler barada täsirli gürrüňler berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti barada hem gyzykly söhbetler edildi.

KÖŇÜLLERDE, ÝÜREKLERDE GARAŞSYZLYK MUKAMY!

Kitaphanalar

06.09.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Köňüllerde, ýüreklerde Garaşsyzlyk mukamy!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.