HABARLAR


MAGTYMGULY PYRAGY DÜNÝÄNIŇ DANASY

Halkara medeni gatnaşyklary

06.09.2024

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 11-12-nji sentýabry aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyş dabarasy we akyldar şahyryň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar.

GDA-NYŇ ÝAŞLAR SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILER

Halkara medeni gatnaşyklary

06.09.2024

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň Ufa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XVII döredijilik we ylmy intellektual forumynyň çäklerinde GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti geçiriler. Bu simfoniki konserte gatnaşmak üçin ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem iş saparyna iberiler.

TÜRKMENISTANLY SAZANDALAR GRUZIÝADA GEÇIRILÝÄN SINANDALI NUSGAWY SAZ FESTIWALYNA GATNAŞÝAR

Halkara medeni gatnaşyklary

06.09.2024

Türkmenistanly sazandalar 31-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Gruziýada geçirilýän 6-njy Sinandali nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar.

MOSKWADA «DUTARYŇ OWAZLARY» FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJILERINIŇ WE EMINLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA KONSERT GEÇIRILER

Halkara medeni gatnaşyklary

06.09.2024

15-nji sentýabrda Moskwada Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda «Dutaryň owazlary» atly «VIII festiwalyna tarap» ady bilen çeper konsert geçiriler. Çärä VIII festiwalyň emin agzalary we dürli ýyllarda aýdym-saz bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşarlar.

WATANYMYZYŇ BUÝSANJY-BILIMLI ÝAŞLAR

Kitaphanalar

05.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşginiň bilelikde guramagynda «Watanymyzyň buýsanjy-bilimli ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS UMMANY

Kitaphanalar

05.09.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilen «Magtymguly Pyragy–şygry paýhas ummany» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryndan soňra tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS UMMANY

Kitaphanalar

05.09.2024

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy–şygry paýhas ummany» atly hünär bäsleşigi geçirildi.

WIRTUAL SAÝDYŇ BIZE BEREN MÜMKINÇILIKLERI

Muzeýler

05.09.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň biri-birinden zyýada gelýän her bir güni bizi röwşen geljege tarap batly gadamlar bilen alyp barýar.

HEÝKELTARAŞLYK WE ONUŇ TARYHY GELIP ÇYKYŞY

Muzeýler

05.09.2024

Ilkidurmuş jemgyýetiň ösüşi bilen, adamzatda tebigy zerurlyklardan başga estetiki mätäçlik döredi. Gadym wagtlardan bäri, heýkeltaraşlyk adamzadyň çeperçilik we dini isleglerini beýan etmegiň bir görnüşi bolup durdy.

BILDIRIŞ

Teatr we kino dünýäsi

05.09.2024

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki sentýabr aýynyň 8-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.