TÜRKMENLERDE DÜÝE BEZEMEGIŇ GADYMY DÄPLERI
Muzeýler
10.07.2024Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Şeýle görnüşli sergi muzeýiň taryhynda ilkinji gezek bolup, onda toý kerweni, kejebe bezemek ýaly milli däpler içgin öwrenilip, düýe bezemegiň gadymy däplerini açyp görkezýän bezegleriň dürli görnüşleri görkezildi.