HABARLAR


ÇAGALAR ÜÇIN NIÝETLENEN TÄZE KITAPÇALAR

Kitaphanalar

09.07.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Haýyrly hazyna», ady bilen çagalar üçin niýetlenen täze kitapça gelip gowuşdy. Bu kitapçalarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde gabat gelýän dost-doganlyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik şeýle-de haýwanlar, guşlar bilen baglanyşykly ýönekeýje rowaýatlar, ertekiler beýan edilýär.

WENGRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI WE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HEÝKELINIŇ AÇYLYŞY BOLAR

Täzelikler

09.07.2024

Wenger tarapynyň çakylygy boýunça, şu ýylyň 7—11-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýada geçiriljek «Kurultaý» medeni çäresine gatnaşmak meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet günlerini we bu ýurtda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly dabaraly çäreleri guramak teklip edilýär. Türkmenistan bilen Wengriýa döwletiniň dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklarynyň barha ilerleýändigi görkezýär.

HALK TANSLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ BASLEŞIGI GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

09.07.2024

Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde bu şäheriň häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýylyň 7-12-nji iýuly aralygynda geçirilýän «Altyngaragöz» atly 36-njy Bütindünýä halk tanslarynyň bäsleşigine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň döredijilik topary Türkiýe Respublikasyna iş saparyna iberildi.

HYTAÝDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET ÝYLYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

09.07.2024

Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş saparyna gitdiler. Türkmen hökümetiniň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösmegine uly üns berýändigini, olaryň hatarynda medeni gatnaşyklaryň hem bardygyny aýratyn bellemeli. Şunuň netijesinde soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze badalga eýe boldy.

SERGI

Medeni miras

09.07.2024

Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz, pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanşykly gelýär. Şu bagtyýar eziz Watanymyzda yzygiderlikde sergiler, edebiýat agşamlary, ýazyjy-şahyrlarymyz bilen duşuşyklar geçirilýär. Ine bu gün hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary bilen kitaphanada gezelençler gurnaldy.

BILERMENLER TOPARYNYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

Medeni miras

09.07.2024

Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli mirasa baý ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Bu gadymy toprakda türkmen halky tarapyndan müňýyllyklara dowamat boljak medeni-taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryň ençemesi döredilipdir we olar nusgawy derejelere ýetirilipdir. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek we olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwletli işler guwandyryjy netijesini berýär. Mälim bolşy ýaly milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň umumadamzat ähmiýeti ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynda mynasyp orun eýeledi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

09.07.2024

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY

Kitaphanalar

08.07.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň guramagynda «Pähim-paýhas ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi.

DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINIŇ ŞATLYKLY GÜNLERI

Kitaphanalar

08.07.2024

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli «Dynç alyş möwsüminiň şatlykly günleri» ady bilen edebi ertirlik geçirildi, kitap sergi gurnaldy. Bu çärede Watan, Ene hakynda goşgular okaldy, aýdymlar aýdyldy, kiçi ýaşly çagalar üçin gyzykly tapmaçalar çözülip, gurjak oýny oýnaldy. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglara gyzykly hem-de täsirli jogaplary tapyp öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler.

GÜNIŇ UKLAÝAN ÝERINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

08.07.2024

Mary welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýazyjy Allaberdi Haýydowyň 95 ýyllygy mynasybetli «Günüň uklaýan ýerine syýahat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärede Allaberdi Haýydowyň ýazan goşgularyndan okalyp, edebiýatlaryna syn berildi, gyzykly tapmaçalar çözülip, şowhunly sorag-jogaply krassword oýny oýnaldy. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglara gyzykly hem-de täsirli jogaplary tapyp öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler.