HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI SYÝASATY HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE GOŞANTDYR

Täzelikler

21.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Kel bagşy Türkmenistanyň halk bagşysy (1850-1923)

Medeni miras

19.06.2023

Kel bagşy – Allaberdi Aýdogdy ogly meşhur Amangeldi Göniniň we Gulgeldi ussanyň esasy şägirtleriniň biridir. Ol 1950-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda dogulýar. Ýaşajyk Allaberdiniň (Kel onuň lakamy bolupdyr) taýsyz saz ukybyna ir göz ýetiren Aýdogdy aga döwrüň meşhur sazandasy we ussasy, gökdepeli Gulgeldiden dutar alyp berýär, soňam oňa şägirtlige tabşyrýar. Şeýlelikde, 10-15 ýaşly Allaberdi Gulgeldi halypanyňkyda boluberýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — BERKARAR WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GÖNÜKDIRILEN IŞLER DOWAM ETDIRILER

Täzelikler

19.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Täzelikler

17.06.2023

Parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň höküm sürýän mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dabaraly bellenilýän toý-baýramlarymyzyň şowhuny al-asmana göterilýär, kalplara baky bagtyň owazy bolup dolýar. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýyşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär.

Ýaş dizaýnerleriñ bilim netijeleri

Täzelikler

17.06.2023

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziñ il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işlerinde uly gidişlikler gazanylyp, häzirki zaman türkmen sungatynyñ ösüşinde aýdyñ ýüze çykýar. Indi türkmeniñ milli ruhy dünýäsi, medeni mirasy, özboluşly dünýägaraýşy kemala geldi. Biziñ milli medeniýetimize, sungatymyza, mirasymyza halkymyzyñ milli buýsançlary, häsiýetleri, ynanç-ygtykatlary, türkmenleriñ ruhy älemi siňipdir.

«Halypa şägirtlik ýoly» atly döredijilik duşuşygy

Muzeýler

17.06.2023

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Teatr we kino sungaty boýunça «Halypa şägirtlik ýoly» atly döredijilik duşuşugy geçirildi. Duşuşyk «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, «Oguz han» adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň kinorežissýory Sahysalyh Baýramow, «Gyzyl kürte» çeper filimiň baş gahrymany Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýna Jumaýewa hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

«MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ ÄHMIÝETI» atly duşuşyk we «UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR GADYMY MERWDE» atly sergi

Medeni miras

17.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly, taryhy wakalara, hoş habarlara beslenip, il-halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Türkmeniň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhynda mynasyp orun eýelän gadymy Merwiň gymmatlyklaryny öwrenmekdäki alnyp barylýan köpugurly işler şöhratly taryhymyza, baý medeni mirasymyza, medeni gymmatlyklarymyzyň sarpasyny belentde tutýan Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjymyzy has hem artdyrýar. Bu günki gün şan-şöhraty asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän gadymy Merwiň dünýä medeniýetine goşan goşandy bizi haýrana goýýar.

“El – hünäri il gezer”

Kitaphanalar

17.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Berkararlyk etrap häkimligi bilelikde gurnamagynda Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “El – hünäri il gezer” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

“Magtymguly Pyragy halkyň ruhy hazynasy”

Kitaphanalar

17.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, gurnamagynda Paýtagtymyzyň ajaýyp seýilgählerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetdi “Magtymguly Pyragy halkyň ruhy hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

“Gülle medeniýetim sungatym meniň”

Kitaphanalar

17.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Gülle medeniýetim sungatym meniň” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.