HABARLAR


Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Ýüz tylla” ertekisi

Kitaphanalar

17.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan okyjylaryň arasynda Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Ýüz tylla” ertekisinden sesli okaýyş geçirildi.

Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudow (1930-2011)

Medeni miras

17.06.2023

Aşyrmämmet Dawudow 1930-njy ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda dogulýar. ХХ asyryň 40-njy ýyllarynyň başlarynda Bereket etrabynyň merkezinde, Balkan sebitlerinde adygan bagşy Soltan Atanepesowyň ýolbaşçylygynda aýdym-saz topary bolupdyr. Ol topara zehinli ýaşlaryň ençemesi gatnaşyp, aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Aşyrmämmet hem Soltan Akganyň sakasynda duran dury suwly çeşmesinden ine-gana içenleriň biridir.

«AWAZA — 2023» SUNGATLARY WE ÝÜREKLERI ÝAKYNLAŞDYRDY

Täzelikler

17.06.2023

Düýn günüň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda interaktiw suw çüwdürimli seýilgähiň giň sahnasynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu halkara dostluk festiwalyna gatnaşan ýerli we daşary ýurtly döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

ASYLLY BAŞLANGYÇLAR ÝURDUMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ WE HALKYMYZYŇ BAGTYÝAR DURMUŞYNYŇ BINÝADYDYR

Täzelikler

17.06.2023

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-nyň TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

17.06.2023

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi.

“Tebigat biziň öýümizdir” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

15.06.2023

Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-de “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Tebigat biziň öýümizdir” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmenimiz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen tebigatyny gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzdan ýerlikli peýdalanmak dogrusynda alnyp barylýan uly işler barada aýdyp berdi.

“Tebigat biziň öýümizdir” ady bilen çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik.

Kitaphanalar

15.06.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda Daşky gurşawy goramagyň halkara güni mynasybetli tebigat bilen baglanyşykly tapmaçalar, matallar esasynda bäsleşik geçirdi.

“Keşdeçilik sungaty – mirasymyzyň zynaty” atly söhbetdeşlik.

Kitaphanalar

15.06.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň höwesjeň gyzjagazlarynyň arasynda türkmen keşdeçilik sungaty barada “Keşdeçilik sungaty – mirasymyzyň zynaty” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan milli keşdeçilik sungaty barada täsirli gürrüňler edildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza – 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Halkara medeni gatnaşyklary

15.06.2023

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek, dünýäde parahatçylygy, asudalygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dünýä halklary bilen döwletimiziň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge täze badalgalary berýär.

«TÜRKMENISTAN UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLARYŇ MEKANY» ATLY DABARALY MASLAHAT

Medeni miras

15.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz bilen dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär.