HABARLAR


Kazan şäherindäki Türkmenistanly talyplar Garaşsyzlyk gününi bellediler

Halkara medeni gatnaşyklary

02.10.2023

A.N.Tupolew adyndaky Kazanyň milli barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmenistanly talyp ýaşlaryň 1200-e golaýy bilim alýar.

HALKARA MILLI MEDENIÝETLER FESTIWALY

Halkara medeni gatnaşyklary

29.09.2023

2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa we «Galkynyş» tans topary «Kazandaky Gündogar bazarynda» halkara milli medeniýetler festiwalynda çykyş eder. ý

Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar

Halkara medeni gatnaşyklary

28.09.2023

24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanda «Çodari Haýol» gurjak teatrlarynyň VII festiwaly geçiriler. «Howar» habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu festiwala Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşar.

TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR

Halkara medeni gatnaşyklary

28.09.2023

Nuriddin Burhanowiç Niýazow 1949-njy ýylda Lebap welaýatynda demirçi ussanyň maşgalasynda dünýä indi. Onuň çagalygynyň geçen ýeri bolan ata-enesiniň öýi owadan ýerde-Amyderýanyň kenarynda ýerleşýärdi. Tebigat gözelligi onuň döredijiligine täsir edipdir.

Kappadokiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellenildi

Halkara medeni gatnaşyklary

22.09.2023

Şu günler ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygynyň dabaralary giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, köpugurly dabaralar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem geçirilýär.

GDA TEATR FESTIWALY – 2024

Halkara medeni gatnaşyklary

22.09.2023

2024-nji ýylda Samarkant GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Şu mynasybetli bu ýerde uly göwrümli çäreleriň 21-si geçiriler. Olaryň arasynda GDA ýurtlarynyň teatr festiwaly hem bar. Samarkant sebitiniň syýahatçylyk, medeni miras we sport boýunça häkiminiň orunbasary Rustam Kobilowyň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA ýurtlarynyň teatr festiwaly Samarkantda ilkinji gezek geçiriler.

RUSSIÝANYŇ SIRK USSATLARYNYŇ SAPARY TAMAMLANDY

Halkara medeni gatnaşyklary

21.09.2023

Russiýanyň döwlet sirkiniň Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň we «Московский цирк Никулина на Цветном бульваре» we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň bilelikdäki çykyşlaryna ýurdumyzda uly höwes bilen tomaşa edildi.

Türkmen suratkeşleriniň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda çap ediler

Halkara medeni gatnaşyklary

21.09.2023

Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň Azerbaýjanyň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda neşir ediler. TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde şu ýyl 23-nji gezek guralan we 10-20-nji sentýabr aralygynda dowam eden döredijilik syýahatyna türki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň suratkeşleri hem gatnaşdylar.

TÜRKMEN SURATKEŞLERI GRESIÝADAKY SERGÄ DÖREDIJILIK ESERLERI BILEN GATNAŞÝARLAR

Halkara medeni gatnaşyklary

20.09.2023

Gresiýanyň Afiny şäherindäki «Galasi» medeniýet merkezinde dünýä ýurtlaryndaky ussat suratkeşleriň döredijilik sergisi açyldy. Oňa türkmen suratkeşleriniň 23-si öz eserlerini hödürledi. Döredijilik çäresinde 80 golaý ýurduň ençeme suratkeşiniň döreden eserleri görkezildi.

ARKADAG ŞÄHERINDE GEÇIRILJEK HALKARA KINOFESTIWALYŇ NYŞANY TASSYKLANYLDY

Halkara medeni gatnaşyklary

20.09.2023

Türkmenistanyň Arkadag şäherinde geçiriljek «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň resmi nyşany tassyklanyldy. Ony Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň kinematograflary bilelikde taýýarladylar.