HABARLAR


Türkmen – türk dostana gatnaşyklary jebisleşýär

Halkara medeni gatnaşyklary

19.09.2023

Türkiýe Respublikasynyň «Medeniýet we syýahat» ministrliginiň guramagynda «Merkezi Anadolynyň demirgazyk-gündogary» ady bilen metbugat sapary amala aşyryldy. Bu sapara Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan şeýle-de, Azerbaýjandan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaş suratkeş ýeňijilerimiz

Halkara medeni gatnaşyklary

15.09.2023

Mälim bolşy ýaly TÜRKSOÝ halkara guramasy 2023-nji ýylyň mart aýynda Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriň arasynda onlaýn bäsleşigini yglan etdi. 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilýän TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglanmak dabarasy geçirildi.

Dostluk agşamy

Halkara medeni gatnaşyklary

15.09.2023

Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Dostluk agşamy» atly konsert geçirildi. Bu konsertde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Türkmen – hytaý medeni hyzmatdaşlyk işjeňleşýär

Halkara medeni gatnaşyklary

13.09.2023

Türkmenistan 2023-nji ýylyň 15-18-nji sentýabry aralygynda Demirgazyk Hytaýyň Hebeý welaýatyndaky Lanfan şäheriniň «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezinde geçiriljek «Bir guşak, bir ýol – Beýik diwar» atly ikinji halkara halk sungaty festiwalyna gatnaşmaga çagyryldy.

MEDENIÝET WE SUNGAT USSATLARYMYZ DUŞANBEDE KONSERT BERERLER

Halkara medeni gatnaşyklary

11.09.2023

14-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň döwletleriniň bilelikde geçirjek konsertinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.

Halkara festiwalda türkmen halkynyň gymmatlyklary görkezildi

Halkara medeni gatnaşyklary

08.09.2023

Rumyniýanyň Konstansa şäherinde her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen halkara türk-tatar festiwaly geçirildi. 2023-nji ýylyň 1 – 4-nji sentýabry aralygynda geçirilen festiwalda 40 ýurduň milli gymmatlyklary, sergi ýarmarkalary, şeýle-de döredijilik we senetçilik işleri görkezildi.

Halkara syýahatçylyk forumy

Halkara medeni gatnaşyklary

07.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamasy esasynda Türkmenistan häzirki zaman syýahatçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berip, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk köprülerini gurýar.

Ýüpek ýoly atly VI halkara medeni EKSPO sergisi

Halkara medeni gatnaşyklary

06.09.2023

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň, Gansu welaýatynyň, Dunhuang şäherinde «Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak ýerli we daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Türkmenistan döwletimiziden hem 10 adam gatnaşdy.

Magtymguly barada filmi surata düşürýän döredijilik topary Moskwa bardylar

Halkara medeni gatnaşyklary

05.09.2023

Magtymguly Pyragy barada film surata düşürýän Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijlik topary Moskwada bir günlük iş saparynda boldular. Olar kompozitor Mämmet Guseýnowyň gatnaşmagynda filmiň köpşahalay opera ýerine ýetirilýän sýužeti ekrana geçirýärler.

«TÜRKMENFILM» TÄJIGISTANDA GEÇIRILJEK ILKINJI «TOJI SOMON» FILM FESTIWALYNA GATNAŞAR

Halkara medeni gatnaşyklary

05.09.2023

Ilkinji «Toji Somon» film festiwaly Duşanbe şäherinde geçiriler. Ol 15-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda Prezident Emomali Rahmonyň goldawy bilen geçiriler we Täjigistanyň Kino gününe bagyşlanar.