HABARLAR


TÜRKMEN SURATKEŞLERI WENGRIÝADAKY TÜRKI SURATKEŞLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞÝAR

Halkara medeni gatnaşyklary

30.08.2023

25-nji awgustdan 3-nji sentýabra çenli Wengriýanyň Lakitelek şäherinde meşhur wengriýaly şahyr Şandor Petöfiniň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli «Türki suratkeşleriniň duşuşygy» açyk meýdanda surat çekmek çäresi geçirilýär.

Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy

Halkara medeni gatnaşyklary

29.08.2023

Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde «Altin Kalemler» ady bilen her ýylda geçirilýän halkara edebiýat bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Ysmaýyl Muhammetdurdyýewiň hem «Önce Vatan» (Ilki Watan) atly eseri şygyr düzmek ugry boýunça degişli baýraga mynasyp görüldi.

Hazaryň möwsümleri – 2023

Halkara medeni gatnaşyklary

28.08.2023

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň sungat ussatlary 18-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek «Hazar möwsümleri — 2023» nusgawy sungat festiwalyna gatnaşmaga gitdiler.

Portugaliýanyň aýdym-saz medeniýeti

Halkara medeni gatnaşyklary

24.08.2023

Portugaliýanyň medeniýeti onda ýaşaýan halklaryň medeniýeti, ýaýlyma bermek we ýaýratmak, ruhy gymmatlyklary öndürmek (etiki, estetiki, intellektual, raýat we ş.m.) we gorap saklamaga täsir edýän hadysalar we faktorlar, resmi we resmi däl guramalaryň toplumydyr.

Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly

Halkara medeni gatnaşyklary

24.08.2023

Gruziýanyň Sinandali şäheriniň baş binasynda 5-nji gezek nusgawy sazlaryň muşdaklary üçin köp sanly konsertler we çäreler gurnaldy. Bu şanly senäniň hormatyna 2023-nji ýylyň 31-nji awgust – 10-njy sentýabr aralygynda sazçylyk festiwaly geçiriler.

Hytaý telewideniýasynda Türkmenistan barada dokumental filmler görkeziler

Halkara medeni gatnaşyklary

14.08.2023

Türkmenistanyň Pekindäki ilçisi Parahat Durdyýewyň «CHINA MEDIA GROUP» döwlet agentliginiň, CCTV kanalynyň, «The Beauty of Shared Arts» programmasynyň baş prodýuseri Fan Tin we onuň topary bilen duşuşyk geçirildi.

WENA. BELGRAD. AŞGABAT

Halkara medeni gatnaşyklary

14.08.2023

Baýroýt ajaýyp Bawar şäheridir. Ol özüne gadymy orta asyrlaryň we häzirki döwrüň ruhuny siňdiren, Ýewropanyň aýdym-saz medeniýetine aýratyn täsir eden Rihard Wagner ýaly şahsyýeti bilen dünýä bellidir. Onuň esaslandyrmagynda bu şäherde her ýyl tomus aýdym-saz festiwaly geçirilýär.

Hazaryň möwsümleri – 2023

Halkara medeni gatnaşyklary

14.08.2023

Türkmenistanyň sungat ussatlary 18-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek «Hazar möwsümleri — 2023» nusgawy sungat festiwalynyň halkara meýdançasynda çykyş ederler hem-de onuň çäklerinde guraljak medeni çärelerine gatnaşarlar.

II Halkara çagalar medeni forumy

Halkara medeni gatnaşyklary

11.08.2023

Ýaş zehinler üçin öňdebaryjy medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik işgärleri bilen gepleşikler üçin şertler döredildi. Bu foruma gatnaşanlar Abhaziýadan, Belarusiýadan, Günorta Osetiýadan, Serbiýadan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Müsürden we beýleki ýurtlardan 12 ýaşdan 17 ýaşa çenli çagalar boldy.

Tanslaryň Arzuwy- dostlukly ýüpek ýoly

Halkara medeni gatnaşyklary

10.08.2023

«Tanslaryň Arzuwy- dostlukly ýüpek ýoly» atly 6-njy halkara milli tanslar festiwaly 20-nji iýul – 5-nji awgust aralygynda geçirildi. Festiwal Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäheriniň Sindzýan Uýgur awtonom raýonynda geçdi. Festiwala Türkmenistandan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Döwlet» tans topary gatnaşdy.