Ata Watanymyzyň öňünde köp işleri bitiren, türkmen ylmynyň, medeniýetiniň, sungatynyň, şol sanda halk döredijiligi ýordumlarynyň baýlaşmagyna uly goşant goşan çagalar şahyry, alym hem ýazyjy Kasym Nurbadow 1951-nji ýylyň 3-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynyň Tagangylyç ýaýlasynda dogulýar.
Kasym Nurbadow 1958-nji ýylda Esenguly etrabynyň Ajyýap obasyndaky 2-nji mekdebiň 1-nji synpyna okuwa barýar we 1968-nji ýylda Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesindäki 6-njy orta mekdebi tamamlaýar. 1968-1973-nji ýyllarda A.M.Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) uniwersitetinde okaýar.
K.Nurbadow “Mydam taýýar” gazetinde edebi işgär, “Görelde” raýon gazetinde redaktoryň orunbasary, Esenguly etrabynyň Garadepe obasyndaky 10-njy orta mekdebinde mugallym, soňra şol mekdebiň müdiri, “Magaryf” neşirýatynda çagalar we ýetginjekler redaksiýasynyň müdiri, “Magaryf” neşirýatynyň baş redaktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory, Türkmenistanyň Milli medeniýet “Miras” merkeziniň başlygynyň orunbasary, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň esasy redaktory, Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň edebiýat bölüminiň başlygy, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň uly mugallymy wezipelerinde zähmet çekýär.
Kasym Nurbadow “Ösüp gelýän ýaş nesle ahlak we estetiki terbiýe bermekdäki işjeň işi”, “Maňa ýumuş buýursalar”, “Deňiz hüwdüsi” atly kitaplary üçin Türkmenistan Lenin komsomolynyň baýragynyň laureaty, “Garadepeli oglanjyk” atly kitaby üçin “Iň gowy çagalar eserleriniň” Bütinsoýuz konkursynyň ýeňijisi, SSSR-iň Halk hojalygynyň gazananlarynyň Bütinsoýuz sergisiniň “Sowet metbugaty” pawilionynda geçirilen köpmilletli sowet edebiýatynyň iň gowy eserleriniň sergisiniň kümüş medalynyň laureaty, SSSR Žurnalistler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Halk magaryfynyň otliçnigi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, filologiýa ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesiniň eýesi, “Zähmet weterany”.
Ýazyjy K.Nurbadow edebiýat meýdanyna çagalar şahyry hökmünde geldi. Şahyryň körpelere niýetlän “Ýedigen”, “Garagumda ýagyş ýagýar”, “Maňa ýumuş buýursalar”, “Deňziň düýbündäki öý”, “Garadepeli oglanjyk”, “Öweleme-döweleme”, “Ak öý” ýaly kitaplary dürli ýyllarda okyjylara ýetirildi.
Kasym Nurbadow “Ak çarlaklar”, “Dilim gyrk”, “Aýa arzym aýdaýyn”, “Esenguly galkynýar”, “Eýran türkmenleriň edebi durmuşy” ýaly onlarça ylmy we edebi kitaplaryň hem awtorydyr. Şahyryň ençeme goşgulary daşary ýurt dillerine terjime edildi. Olar metbugat sahypalarynda we “Брат солдата”, “Первый день осени” ýaly kitaplaryň üsti bilen rus dilli okyjylara ýetirildi.
K.Nurbadowyň edebi mirasy köpugurlydyr. Şahyr terjimeçi hökmünde hem uly işleri bitirdi. Dürli halklardan bolan galamdaşlarynyň eserlerini türkmen diline terjime etmegi döredijiliginiň miweli bir şahasyna öwürdi. Dünýäniň dürli halklarynyň şahyrlaryndan eden terjimeleri “Täsin agaç” ady bilen özbaşdak ýygyndy edilip, okyjylar köpçüligine hödürlenildi.
Alym K.Nurbadowyň geçmiş edebi mirasymyza degişli bitiren işleri-de ýörite üns berilmäge mynasypdyr. Ol A.Ahundow Gürgenliniň edebi mirasyndan başga-da Kerim Garajanyň, Aşyk Çaňlynyň edebi mirasyny toplap, aýratyn ýygyndy görnüşinde neşir etdirdi.
Şahyryň birnäçe goşgulary esasynda döredilen (“Nowruzym”, “Bägülüm”, “Ýag, ýagyş”) aýdymlar halkymyzyň söýgüsini gazandy. Olar ýurdumyzyň toý-baýramlarynda höwes bilen ýerine ýetirilýär.
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda K.Nurbadowyň doglan gününe 75 ýyl bolýar.