logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Almaz Seýitmyradow (1936-2010)



Şahyr Almaz Seýitmyradow 1936-njy ýylyň 12-nji aprelinde Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda dünýä indi. Döredijilik işine oba mekdebinde okap ýören ýyllary başlaýar. Ilkinji goşgusy 1956-njy ýylda şol döwürde «Pioner» (häzirki «Güneş») çagalar žurnalynda çykdy.

1969-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady. Ol obasynda ýerleşýän 5-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy, mekdep müdiriniň orunbasary, mekdebiň müdiri, soňra şol wagtky etrap «Zarpçy zähmet» gazetinde redaktor, obada açylan hünärment okuw mekdebinde mugallym bolup abraý bilen zähmet çekdi. Şahyr ähli ýyllaryň dowamynda esasy işi bilen utgaşyklykda çeper döredijiligini hem dowam etdirdi. Ol Watanymyzyň, tebigatymyzyň waspyny ýetirýän ençeme goşgulary döretdi. Şahyryň tebigat, Watan, il-gün baradaky goşgulary «Gunça», «Daň şapagy», «Bahar buşlukçysy», «Ýodadan ýola», «Garagum gülleri», «Al-elwan güller» atly köpçülikleýin ýygyndylara girizildi. «Arzuwym sensiň» atly goşgular, poema kitaby «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan okyjylara ýetirildi. Almaz Seýitmyradowyň «Ak sähere barýaryn» atly özbaşdak goşgular ýygyndysy neşir edildi. Awtoryň bu ýygyndysy iki sany berk sütün - ruhy, tebigy gözellikler barada.

Almaz Seýitmyradowyň

Bagyşlapdym saňa gyzyl gül ýolup,

Hem ýüregmi gül bile, ýar,  gül bile.

-diýip başlanýan goşgusy aýdym edilip ýerine ýetirildi.

Şahyr mugallymçylyk kärinde hem döredijilikde çeken asylly zähmeti üçin 1989-njy ýylda «Zähmet weterany» boldy. 1989-njy ýylda SSSR-iň Žurnalistler birleşiginiň agzasy boldy.  Almaz Seýitmyradow 2010-njy ýylda aradan çykdy.

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde halypa şahyr Almaz Seýitmyradowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.