logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Kakabaý Ylýasow (1936-2000)



Şahyr Kakabaý Ylýasow 1936-njy ýylyň 15-nji aprelinde Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Birleşik obasynda dünýä indi.

Kakabaý Ylýasow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini 1962-nji ýylda tamamlap, şol ýyl öz obalaryndaky 4-nji orta mekdepde mugallym bolup işe başlady. Ol edebiýat bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bir hatarda, Boldumsaz etrabynyň ýerli radiosynyň habarçysy, «Hasyl» etrap gazetiniň bölüm müdiri bolup zähmet çekdi.

K.Ylýasow 1971-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Boldumsaz etrabynda dürli wezipelerde işledi. Özüne ynanylan jogapkärli işiň daşyndan çuňňur pelsepewi mana eýe bolan şygyrlaryň ençemesini döretdi.

1966-njy ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilen  şahyr K.Ylýasow şygryýet älemine aralaşan ilkinji gününden başlap, okyjylar köpçüliginiň ruhy goldawçysy boldy. Onuň goşgulary, rubagylary «Daýhan häsiýeti» (1966), «Aşyk men» (1970), «Oba ýollary» (1972), «Gözbaş» (1978), «Ajap pursat» (1981), «Asyryň obasy» (1984), «Ýyllaryň çemeni» (1986), «Baky güzer» (1992) ýaly kitaplarynda ýerleşdirildi. Şahyryň aglaba şygyrlary we poemalary «Bahar buşlukçysy» (1964), «Ýodadan ýola» (1965), «Uçgun» (1974), ýaly ýygyndylara girizildi.

Garaşsyzlyk hakda K.Ylýasow ilkinji tutumly eseri — «Garaşsyzlyk planetasy» atly poemany döretdi. Zehinli şahyr öz goşgudyr poemalaryny örän sünnäläp ýazdy, onuň eserleri halk tarapyndan söýlüp okalýar. Zehin siňdirip döreden eserleri we jemgyýetçilik işlerinde görkezen göreldeli zähmeti üçin, Kakabaý Ylýasowa 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», 1999-njy ýylda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» hormatly atlar dakyldy. 1996-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. «Zähmet weterany», halypa şahyr Kakabaý Ylýasow  2000-nji ýylda aradan çykdy.

2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Görogly etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.