logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHALTEKE BEDEWLER-BUÝSANJYMYZ

AHALTEKE BEDEWLER-BUÝSANJYMYZ

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäheriniň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Bedewli Diýarym, toýly mekanym. Gün-günden bat alýar, şöhradyň şanyň» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Gadamy batly bedew» kitabyndan ugur alyp milli-ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagynda giň ýol açylandygy, milli-ruhy bitewiligi dünýä dabaralanýan Ahalteke bedewlerimiz baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganaty bolandygy barada giňişleýin çykyşlar edildi. Şeýle-de, kitaphananyň hünärmenleri tarapyndan «Owazasy meşhurdyr bütin jümle-jahanda» atly giň göwrümli kitap sergisi guralyp, ol gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahat-da Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň üsti bilen halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewe bolan garaýşymyzyň paýhas bossanyna täsin syýahat etmäge mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.