logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÄHLI DÖWÜRLERIŇ ŞAHYRY–MAGTYMGULY PYRAGY

ÄHLI DÖWÜRLERIŇ ŞAHYRY–MAGTYMGULY PYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ähli döwürleriň şahyry–Magtymguly Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belentden tutulýandygyny, onuň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde belent watançylyk duýgusy, edep-terbiýe, ahlaklylyk, ylym-bilim , ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik ýaly asylly sypatlary öňe sürýän parasatly pikirler eriş-argaç bolup geçýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň baý milli-mirasyny, medeni gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge, geljekki nesiller üçin gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga giň ýol açylandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.