logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ajaýyp eserler pähimleriň öçmejek aýdymy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary esasynda «Ajaýyp eserler pähimleriň öçmejek aýdymy» ady bilen kompozisiýa gurnaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykan çuň manyly kitaplarynyň üsti bilen ýaşlarda Watana söýgi, milli mirasa sarpa we ylym-bilime höwes döretmekde ajaýyp eserleriň ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaş nesilleri Watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde esasy gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna türkmen halkymyz öz toý sowgatlary bilen barýarlar, şolar bilen bir hatarda kitaphanaçy hünärmenleri hem zähmet üstünlikleri bilen öz goşantlaryny goşýarlar.