logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ak ýollarymyz abadan bolsun!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 33-nji orta mekdepde «Ak ýollarymyz abadan bolsun!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi asylly däpleriň birine öwrülip, her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen Watanymyzyň ähli künjeklerinde bir aýlyk wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi, halkyň abadançylygynyň kepili bolup durýandygy, döwletimizde ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.