logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÄLEMDE PARAHATLYK DÖWRÜMIZIŇ ŞYGARY

ÄLEMDE PARAHATLYK DÖWRÜMIZIŇ ŞYGARY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her bir güni toýdyr-baýramlara, şatlykly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ajaýyp döwrümiziň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň şanly wakalary watandaşlarymyzy, bagtyýar ýaşlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere galkyndyrýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzda ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmäge mümkinçilik bermek bilen, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň binýadyna öwrüldi.

Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk mynasybetli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly işler alynyp barylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Baklan welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Älemde parahatlyk döwrümiziň şygary» ady bilen geçirildi. Geçirilen maslahat duşuşygynda Balkan welaýatynyň edara–kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýänligi, döwletimizde kitaphana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilýänligi dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň çäginde welaýat kitaphanasynyň baý gaznasyndan «Kitaphana–hazynalar ojagy» atly kitap sergisi gurnaldy.

Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.