logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Çagalar tomusky dynç alyş günlerini ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş merkezlerinde geçirýärler. Bu ýerlerde olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Gyzgalaňly dowam edýän günlerde «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda çagalar bilen duşuşyk geçirildi. Ol ýerde muzeý hünärmenleri çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitap eserlerinden söhbetdeşlik geçirdiler. Çagalara surat çekdirilip, şekillendiriş sungaty we muzeý gymmatlyklary dogrusynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine wertualmuseum.gov.tm atly internet salgysyna gaýybana syýahat etdiler.