logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Änew - ak bugdaýyň mekany

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent Nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň many-mazmunyny, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy ýadygärliklerini, olar baradaky rowaýatlary ýaşlara giňişleýin wagyz etmek maksady bilen “Änew - ak bugdaýyň mekany” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny giňden wagyz etmekdäki uly ähmiýeti barada nygtaldy. Şeýle-de kitapda beýan edilýän gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, alymlar tarapyndan alnyp barylýan gözlegleriň netijesi barada buýsançly gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri hem-de taryhy ýadygärliklerimiz baradaky dürli neşirler orun aldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ýadygärliklerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.