logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arkadag şäheri-bagtyň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän Arkadag şäheri şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydygy barada Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy, ýaş alymlar bäsleşiginiň ýeňijisi Jumageldi Salamow, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Myrat Goşaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Aýjemal Rahymowa, Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Çagalar we ýetginjekler gigiýena bölümçesiniň 1-nji kämillik derejeli sanitariýa lukmany Dünýägözel Hojamyradowa şeýle hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň usuly-kitaphana bölüminiň müdiri Gülälek Garajaýewa dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesiniň berilendigi barada, bu “akylly” şäheri gurmak pikiri we onuň döwletimiziň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigi barada çykyşlar edildi. Şeýle hem şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini, häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.