logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG ŞÄHERI BAGY-BOSSANLYGYŇ ŞÄHERI

Köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaýyş işine Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň zähmet söýer, agzybir işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Köpçülikleýin arassaçylyk işiniň geçirilýän ýerleri baglary timarlamak, olaryň düýbüni ýumşatmak we agartmak, talabalaýyk suwarmak üçin degişli gurallary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa daş-töweregi abadanlaşdyrmak bilen bagly işlere şahsy goşant goşýan raýatlarymyzy ekologiýa taýdan arassa hem-de owadan ýaşaýyş gurşawyny döretmäge ruhlandyrýar.

Ata Watanymyzyň ekologiýasyny gorap saklamak bütin dünýäni gyzyklandyrýan meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muňa mysal edip, soňky ýyllarda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Ýurdumyzda «Gök guşak» umumy milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen tokaý zolaklary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylda müňlerçe agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi ýurdumyzda gözel tebigy gurşawy kemala getirmek bilen bir hatarda ekologiýa abadançylygyny saklamaga hem oňyn täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça alnyp barylýan daşky gurşawy abadanlaşdyrmak bilen bagly işler, döredilýän täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, sahawatly türkmen topragynyň bolsa gözelligini has-da artdyrýar. Türkmen halky, şol sanda ýaşlaryň sagdyn, ruhubelent we sagdyn durmuşy barada çäksiz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!