logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arkadag şäheri röwşen geljegiň aýdyň ýoly

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli «Arkadag şäheri - röwşen geljegiň aýdyň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler diýarymyzda şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň we Arkadag şäheriniň açylmagynyň şanly 3 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň ýokary görkezijisine öwrülendigi, bu şäheriň dünýäniň iň owadan, iň gözel, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda ägirt uly tagallalaryň edilýändigi hakynda buýsançly söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.