Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky merkezi Ýaşlar guramasy bilen bilelikde “Arkadag şäheri – ýaşlygyň we gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň hem-de muzeýiň hünärmenleri gatnaşdy. Geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Köpetdagyň eteginde bina edilen sebitde ilkinji “akylly” şäher – Arkadag şäheri barada, şäheriň binagärlik aýratynlyklary, gözelligi barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda halkymyzyň abadan, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.