logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arkadagyň eserleri nur eçilýär ýüreklere

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana hünärmenleri, “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşiginde «Arkadagyň eserleri nur eçilýär ýüreklere» atly çykyşlary etdiler.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginiň halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, geljekki nesillere edebi miras, aýdyň ýol görkeziji taglymat bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý – melhem hem ylham” atly eserinde, Gündogar halklaryna has-da mahsus bolan çaý içmek sungatynyň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda aýratyn ornunyň bardygy, kitapda beýan edilişi ýaly çaýyň adam bedenine edýän täsiri, ösdürilip ýetişdirilişi, görnüşleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çykyşlarynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.