16-njy fewralda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli forumyň guralmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Okuw maslahaty häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli platformany döretmäge gönükdirilendir. Ählumumy derejede üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Çärä gatnaşyjylaryň ýokary wekilçilikli düzümi halkara bileleşigiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Syýasatçylary, lukmanlary we alymlary bir ýere jemlän halkara forum tutuş adamzadyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mehanizmlerini işläp taýýarlamagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilelikde guraýan forumyna iri halkara düzümleriň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, abraýly bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle ähmiýetli çäräniň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek boýunça işjeň ornunyň ykrarnamasydyr. Onuň açylyşynyň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda we Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde yglan edilen Saglygy goramagyň ýylyna gabat gelmegi çärä aýratyn many berýär.
Türkmen tarapynyň wekili foruma gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki döwrüň lukmançylyk ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Bu gün saglygy goraýyş diňe bir hünär ulgamy däl-de, eýsem, daşary syýasatyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasyna halklaryň arasynda ynanyşmagy we raýdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde garaýar. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlary adamlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. 2025-nji ýylda Türkmenistan saglygy goramagy ählumumy durnuklylygyň binýady hökmünde ykrar edip, “Geljegiň lukmançylygy-raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk” başlangyjyny işjeň öňe sürdi.
Forumyň açylyş dabarasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň sebitleýin direktory Hans Klýuge hem çykyş etdi. Ol BSGG-niň tagallalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty saglygy goraýşyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bähbitlerine hyzmat etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.
«Türkmenistan» gazeti