logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ASMANYMYZ PARAHAT, DÜNÝÄ DOLSUN OWAZA, BEDEW ATYŇ BADYNA ÝOL UZASYN DOWAMA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Asmanymyz parahat, dünýä dolsun owaza, bedew atyň badyna ýol uzasyn dowama» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň ýagşy arzuwlar bilen garşy alan täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bedew batly ösüşleriň, belent maksatlaryň myrat tapjak, taryhy ýeňişlere beslenjek, düşümli ýyl boljakdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri hakyndaky gymmatly kitaplary, türkmen bedewlerine döredilen atalar sözleriniň we nakyllarynyň many-mazmuny hakynda hem giňişleýin beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.