Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «At–türkmeniň buýsanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler bedew batly ösüşlerimiz hem-de gazanýan uly üstünliklerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monoko Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy belent ösüşlerimizi has-da dabaralandyryp, şanly ýylymyza aýratyn ýalkym çaýýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze taryhy döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.