(HEKAÝA)
Şäherde ýaşaýan daýylaryndan dolanyp gelen Şöhradyň ýüzi şadyýandy. Ony şähere Nury daýysynyň özi alyp gidipdi. Daýysynyň Şöhrady şähere alyp gitmeginiň sebäbi ýok däldi. Ogly Pälwan bilen ýakyndan tanyşdyryp, dostlaşdyrmak isledi. Daýysynyň ogly Pälwan bilen Şöhradyň sözi alyşdy. Şöhrat bilen Pälwany Nury aga şäheriň gözel seýilgählerine aýlady. Seýilgählerdäki çagalar meýdançalaryndaky ähli zatlar Şöhradyň göwnüne ýarady. Ol okan ertekilerindäki gahrymanlar bilenem ýüzbe-ýüz boldy. Paýtagtda bolan günleri onda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Iki hepdeläp daýylarynda bolup gelen Şöhradyň dostlary daşyna üýşdiler. Olar “”Aşgabat” seýilgähini gördüňmi?!”, “Buzly köşge-de” bardyňmy?!, “Çagalar dünýäsi dükanlaryna-da aýlanansyň-ai?! - diýip, sowal yzyna sowal suňşurdylar. Şöhrat dostlaryna şäheriň täsin gözel ýerleri barada gürrüň berdi.
-Esasy zat men täze dostlary tapyndym. Daýym bilen daýzam Pälwan ikimizi “Awaza’ milli syýahatçylyk zolagyna alyp gitdiler. “Awazaň” owadanlygyna haýran galaýmaly. Ata-eneleri bilen dynç almaga gelen çagalar köp eken. Olar bilen dostlaşdyk. Deňziň kenaryndaky çägede biz üýşüp surat çekdik. Nämäň suratydyr öýdýäňiz?! Hany, biljek boluň?!
-Aman pikirlenmezden ak kepderiň suratymy! – diýip jogap berdi.
-Hawa, bildiň Aman.
-Ganatlaryny giňden ýaýyp duran ak kepderiň suratyny çekdik. Üýşüp çeksegem surat owadan boldy. Uly adamlaram gelip görüp, gowy çekendigimizi aýtdylar. Men, Rahym, Ahmet üçümiz herimiz ak kagyzdan gämem ýasadyk. Ýasan gämimizi deňze akdyryp goýberdik. Deňiz tolkunlary sähel salymda gämileri bizden daşlaşdyrdy. Has uzaklaşansoň biz ýasan gämilerimizi görüp bilmedik. Belkem, biziň dostlugymyzyň nyşany bolan, şol gämilerimiz henizem deňizde ýüzüp ýörendir.
Awazada owadan myhmanhanalar diýseň köp. Şol gün deňziň ýodly howasyndan dem alalyň diýip–daň agarmanka kenara bardyk. Daýym säher çagynda deňiz howasyndan dem almagyň örän peýdalydygyny ýanjap-ýanjap aýtdy. Mawy deňziň daňdanky owadanlygy meni aňk etdi. Günüň dogup gelşi, tolkunlaň owazy kalbymy heýjana getirip joşdurdy. Daýym bilen daýzamam bu görnüşleri maýyl bolup synladylar. Daýym:
-Parahat ýurdumyzda deňziň kenarynda erkana dynç alýarys. Hemme şertler bar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, agzybir halkymyz parahatçylyga uly sarpa goýýar. Dost-doganlyk gatnaşyklary, şöhratly işler arkaly parahatçylygymyz berkidilýär. Goý dünýäde hemişe parahatçylyk bolsun diýdi. Daýym bu sözleri ýürekden aýtdy.
Daşary ala-garaňkam bolsa deňziň kenarynda adam köpdi. Kenardan ýöräp myhmanhanalaryň gözelligini synlap barşyma özüm deň-duş bir oglana duşdum. Ol hem men ýaly myhmanhanalaryň täsin gurluşyny synlap gelýäne meňzeýärdi. Men onuň daşary ýurtly myhmandygyny görenimden bildim. Ol ýylgyryp seretdi. Menem ýylgyrdym. Ol iňlis dilinde salam berdi. Menem iňlis dilinde salam diýdim. Iňlis dilini bilemsoň maňa onuň bilen gürleşmek kyn düşmedi. Men şonda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň öwredilýändigine diýseň begendim. Özümiň iňlis dilini bilýändigime buýsandym. Ol adynyň Riçerddigini, özüniň awstraliýalydygyny aýtdy. Awstraliýada internet arkaly Türkmenistan bilen tanyşdym. Owadan, döwrebap Arkadag, Aşgabat şäherleriňiz, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalar hakynda edýän aladalary, çagalara degişli dürli halkara sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriniň, dabaradyr çäreleriň ýygy-ýygydan çeçirilýändigi Türkmenistany dünýä tanadýar diýip - ýürek buýsanjyny paýlaşdy.
Riçerd surat çekmäge ökde eken. Awazada bolan günlerindäki dürli pursatlary şekile geçiripdir. Ol ikimiziň tanyş bolan pursadymyzam çekjekdigini aýtdy. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň, çagalara bolan egsilmez söýgüsiniň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny dilinden düşürmedi. Güneşli howa, Hazaryň şypaly suwy, dynç alýanlar üçin görkezilýän medeni çykyşlar ylham berip, türkmen kalbyny açýar diýdi. Riçerd goşgy düzmegem başarýan eken. Ol Awazaň gözelliklerinden täsirlenip döreden goşgusyny okap berdi.
Bu ýurt çagalaryň söýülýän ýurdy,
Eşretiň hem bagtyň duýulýan ýurdy,
Gözellik tükenmez nuruny saçyp,
Beýik maksatlaryň ýaýylýan ýurdy.
Riçerd ýene iki günden öz ýurtlaryna ugraýandyklaryny, hoşlaşmaga hökman geljekdigine söz berdi. Sözünde-de tapyldy. Hoşlaşmaga gelende ikimiziň tanyş bolan pursatymyzdaky çeken suratyny ýadygärlik berdi. Ýany bilen dört eplenen kagyzam elime tutdurdy. Biz dostlarça mähirli hoşlaşdyk. Sanaýmalyja günüň içinde dostlugyň dörändigine begendim. Aman:
Riçerd hatynda näme ýazypdyr diýip, bilesigeliji sowal berdi:
Biziň ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ýurtdygyny, iň süýji tagamlaryň, gawun-garpyzlaryň, miweleriň ýurdudygyny ol hatynda köp gezek gaýtalapdyr. Çöregimiziň huruşdygyny, bu naz-nygmatlardan öýlerine-de alyp barýandygyny ýazypdyr. Awaza meni türkmen deň-duşlarym bilen dostlaşdyrdy. Türkmen dostlarymdan köp zatlary öwrendim. Watansöýüjilik, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna türkmen halky çyn ýürekden hormat goýýan eken. Meni türkmenleriň şu häsiýetleri juda özüne çekdi. Men özüm bilen Türkmenistandan iň ýakymly duýgulary, ýatlamalary alyp barýaryn. Şeýle gowy täsirleri dostlarym bilen paýlaşaryn - diýipdir.
Riçerd bilen geçiren pursatlarymyz hiç ýadymdan çykanok. Awaza dost-doganlygyň mekany. Awazanyň kenarynda Riçerd ikimiziň dostlaşyşymyz ýaly, gör näçe adam dostlaşandyr. Eziz Watanymyz dost-doganlygyň gülläp ösýän ýurdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ýurdumyz dost-doganlyga beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda, dostlukda mähribanlygy, parahatçylygy dörediji güýjüň bardygyna göz ýetirýärsiň. Parahatçylyk iň gymmatly baýlyk. Biziň arzuwlarymyzyň hasyl bolup, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyzyň aňyrsynda-da parahatçylygymyz bar. Şöhrat şeýle garaýyşlar bilen pikirini jemledi. Dostlary Şöhradyň gürrüňlerini ýatdan çykmajak täsirler bilen diňlediler.
Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.