Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp sungat eserleri, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr.
3-nji fewralda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, aýdymçylarynyň, artistleriniň, ýagny, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowanyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, şahyr Süleýman Ilamanowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Çemen Annaberdiýewanyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Myrat Işangulyýewiň gatnaşmagynda, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäher medeniýet öýünde hem-de Tejen etrap medeniýet merkezinde «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary geçirildi. Döredijilik duşuşyklarynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny, göwün galkyndyryjy ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, duşuşyklarda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Akyldar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik taglymaty bu günki gün tutuş adamzady daşyna jemleýär. Dana şahyryň watanperwerlik, döwlet berkararlygy, il agzybirligi ýaly taglymatlary esasynda nesiller terbiýelenýär. Şahyryň ynsan kalbynda orun alan pelsepewi pikirli şygyrlary, halkymyzyň ruhy dünýäsinde nakyl we akyl bolup ýaşaýar. Söz ussadynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň adamzadyň ruhuny tämizläp, barlygyň gözelligine, durmuşa bolan söýgini has-da ösdürýändigi baradaky pikirler hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegi. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, at üstünde ýerine ýetirilýän milli oýunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Bedewlerimiz halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň hem geljeginiň, sözüň doly manysynda daýanjy bolup, durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Magtymguly atamyzyň «Aty meýdan tanyr, hümmeti - myhman», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», ýaly setirleri türkmen bedewiniň durmuşa aýratyn gyzyk çaýýandygyna şaýatlyk edýär» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, behişdi bedewler milletimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Hut şonuň üçin hem, bagtyýar halkymyzyň şöhratly taryhyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejeli festiwallarda, ýaryşlarda üstünlikli çykyşlar edip, altyn kuboklara hem-de beýleki baýraklara yzygiderli mynasyp bolmaklary ýatdan çykmajak buýsançly wakalardyr. Bu toparyň ezber ýigitleriniň hem-de gyzlarynyň atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly sirk çykyşlary, dünýäniň sirk sungatynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine goşýan goşantlarydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallarynda we ýaryşlarynda gazanýan taryhy üstünlikleri ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da artmagynda uly orun eýeleýär. Toparyň gazanýan uly ýeňişleri mynasybetli dabaralar guralyp, ýörite sowgatlar, baýraklar gowşurylýar.
«Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr.

Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda, halkymyzyň gadymy atçylyk däplerini we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize pugta ornaşdyrylmagyna oňyn şertleri döredýär.
Merdana pederlerimizden miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegi, halkymyzyň ruhy syrdaşy. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler örän netijelidir. Ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň netijeli zähmet çekmekleri, atçylyk pudagyny ösdürmekleri üçin ähli şertler döredilýär – diýip, çykyş edenler bellediler.
Duşuşygyň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgulary, ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlar ösüşli-özgerişli döwrümiziň, şan-şöhratly behişdi bedewlerimiziň waspyny belentden ýetirdi.
Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ogulgurban Gaşlakowa
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.