Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Rowaçlyga rowan bu gün – Garaşsyz Türkmenistan» atly aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler, Türkmenistan döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýandygy, bu baýramyň eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýan gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz topary, eziz Watanymyzyň ösüşlerini, şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.