logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ÇAGALAR-HALKYŇ BUÝSANJY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Bagtyýar çagalar-halkyň buýsanjy» atly duşuşyk, geçirildi.

Çagalar-biziň nurana geljegimiz, röwşen ertirlerimiz. Olaryň geljegi baradaky alada diňe bir ata-enäniň, maşgalanyň ykbaly bilen däl-de, eýsem, jemgyýetiň ösüşi, özgerişi bilen berk baglydyr. «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ata-babalarymyz perzentlerini ertekileriň, hüwdüleriň, nakyllaryň, matallaryň, milli oýunlaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Ýaşlaryň dünýägaraýşyna tymsallaryň, rowaýatlaryň, çeper eserleriň üsti bilen uly täsir edipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň saglygyny goramagy, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini üpjün etmäge aýratyn üns berýär.

Duşuşygyň ahyrynda durmuşymyzyň gymmatly we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!