logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar nesilleriň nagmalary

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 42-nji çagalar bakja-bagynda “Bagtyýar nesilleriň nagmalary” atly körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler. Bakja–bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp, özlerinde täsir galdyran gahrymanlary barada gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Çeper okaýyşda çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana işgärleri ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler, bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy. Şeýle-de, çeper okaýyşyň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy.
Kitap sergisi ýaş nesliň her birinde kitaba bolan düşünjäni artdyrdy. Kitap okan çaganyň jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol-ýörelgedigi hakynda giňden maglumatlar berildi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.