logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ZENANLAR WATAN BUÝSANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýar zenanlar Watan buýsanjy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen zenanlary maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy bolup, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan zenanlarymyzyň baýramy, baharyň ilkinji günlerinde bellenilmeginiň özünde uly many bardygy, munuň özi türkmen zenanlary ähli döwürlerde öý-ojagyň ýylysyny maşgalasynyň abraýyny jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini, däplerini gorap saklap, gelýändikleri barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.