logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAHAR-ÝAZYŇ ŞAHYRY

BAHAR-ÝAZYŇ ŞAHYRY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde şahyr Halyl Kulyýewiň ömür we döredijiligine bagyşlanan «Bahar-ýazyň şahyry» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler şahyr Halyl Kulyýewiň ömri we döredijiligi, onuň gysga ömründe döredip giden ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Baharyň, ýazyň şahyry bolan Halyl Kulyýew bahar hakynda şeýle çuň manyly goşgular döreden şahyrdyr. Onuň her bir goşgusy yhlasa–söýgä eýlenenligi bilen okyjyny özüne çekýär. Okyjylarymyz Halyl Kulyýewiň goşgularyny uly höwes bilen okaýarlar.

Çykyş edenler bular hakynda nygtap geçmek bilen söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.