logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAKY BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞINI NUSGALY ÝOLY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Baky Bitaraplyk–parahatçylygyň we ösüşini nusgaly ýoly» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Hemişelik Bitaraplygymyzy we onuň gazananlaryny pugtalandyrmakda parahatçylyk, söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine öňe sürýän Diýarymyzda alynyp barylýan beýik işler hakynda hem buýsançly söhbetler edildi.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy bolan parahatçylygy dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan edildi.