Saz sungatynda duş gelýän ballada žanry türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň dürli döwürleriniň wekilleriniň ünsüni özüne çekipdir. Edebiýatda bu žanr taryhy, söýgi, maşgala we durmuşy mazmunly goşgy setirleriň üsti bilen bir zady gürrüň bermek ýaly özboluşlylyga eýedir. Kompozitorlaryň irginsiz gözlegleriniň netijesinde ballada žanry saz sungatynda hem mynasyp ornuny tapdy. Sazyň esasy iki — wokal we instrumental ugry boýunça ballada žanryna ýüzlenmeklik XIX asyrdan dowam edip gelýär.
Türkmen kompozitorlary tarapyndan bu žanra ýüzlenip döredilen eserleriň ençemesi bar. Kompozitor Nury Halmämmedow bu žanra ussatlarça ýüzlenmegi başarypdyr. Şahyrlar G.Bäşiýewiň «Gahrymanlar hakynda ballada», G.Ezizowyň «Gyzyl otrýad hakynda ballada», H.Gurdowyň «Uruş we parahatçylyk hakynda ballada» ýaly goşgularyna döreden ajaýyp eserleri uly üstünlige eýedir. «Gahrymanlar hakynda ballada» eserini diňläniňde, onda Nury Halmämmedowyň ýiti zehini aýdyň duýulýar. Watan üçin başyny goýan şir ýürekli ýigitleriň edermenligini beýan edýän setirler kompozitoryň millilige ýugrulan saz dili bilen sazlaşykda ýaňlanýar. Güýçli basymlary aýdyň duýulýan 7/8 ölçeg, halk sazlarymyza mahsus kyrklar perdesi eseriň milli äheňini açyp görkezýär. Türkmen radiosynyň arhiwinde saklanýan Nury Halmämmedowyň bu meşhur eseri Saparmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Gökdepe mukamy» ady bilen belli bolan aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde täsirli ýaňlanýar.
Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň G.Ezizowyň sözlerine «Oýlanma», «Sag bol, ene mekan» ýaly romanslary Türkmenistanyň at gazanan artisti Sapar Mommadowyň ýerine ýetirmeginde il arasynda adygan eserlere öwrüldi. «Oýlanma» eserinde özüniň ýoklugynda aý-günleri yzyna tirkäp gelýän pasyllaryň öňküsi deý aýlanyp, tebigatyň öňküsi ýaly ýaşamagyny dowam etdirjekdigine garamazdan, söwer ýarynyň geçirjek kyn günlerine göz ýetiren ýigidiň oýlanmasy beýan edilýär.
Halypa kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň ballada žanrynda şahyr Annaberdi Agabaýewiň goşgusyna döreden «Ene elleri hakynda balladasy», Mylly aga bagyşlap döreden balladasy wokal aýdymçylarymyzyň döredijiligini bezän eserlerdir. Şirin owazly eserlerde gudratly ene elleriniň, Mylly aganyň dutarynyň jadylaýjy owazynyň waspy belentden ýaňlanýar. Eserleriň meşhurlyga eýe bolmagynda olaryň ilkinji ýerine ýetirijileriniň biri Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň mynasyp goşandy bardyr. Ballada žanry özbaşdak eser hökmünde türkmen kinofilmlerinde hem öz ornuny tapdy. «Aýgytly ädim» kinofilminde Aýnanyň balladasy muňa mysaldyr.
Mähriban JUMAÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy
«Edebiýat we sungat» gazeti