logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEDEW BADYM, GÖWÜN ŞADYM, ZAMANAMYŇ HEŇINDEDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bedew badym, göwün şadym, zamanamyň heňindedir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde röwşen geljege uly ynam bilen gadam basan täze 2026-njy ýylymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy türkmen döwletiniň jebisligini, agzybirligini, halkymyzyň berkararlygyny we il günümiziň asuda, abadan ýaşaýşyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly ýylymyzyň şygary halkymyzy, aýratyn hem, biz ýaşlary ýeneki zähmet üstünliklerine, beýik işlere ruhlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp eserinden birnäçe atalar sözüni, türkmen bedewlerine degişli birnäçe gyzykly maglumatlary okap berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.