logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEDEW BATLY WATANYM

2026-njy ýyl «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly atly şygarymyz bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamy gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýar. Ýylyň şygaryna esaslanyp, biziň ýokary okuw jaýymyzyň sergiler jaýynda «Bedew batly Watanym» atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyndaky uçurymlaryň we talyp ýaşlaryň eserlerine bagyşlanyp ajaýyp sergi açyldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasynda saklanylýan uçurymlaryň eserleri milli sungatyň ösüş ýoluny, ýaş zehinleriň döredijilik gözleglerini we döwür bilen baglanyşykly çeper pikirlenmäni aýdyň görkezýän gymmatly çeşmedir. Serginiň aýratynlygy diňe bir uçurym ýaşlaryň däl, eýsem häzirki wagtda bilim alyp ýören talyplaryň hem tapawutlanan eserleriniň görkezilmegidir. Bu ýagdaý biziň ýokary okuw jaýymyzda döredijilik işiniň yzygiderli dowam edýändigini, ýaş zehinleriň okuw döwründen başlap sungat meýdançasynda öz sözlerini aýdyp bilýändiklerini görkezýär. Sergide görkezilýän eserlerde türkmen topragynyň gözelligi, bedew atyň mukaddes keşbi, halkyň ruhy kuwwaty we ata Watana bolan söýgi esasy tema hökmünde öňe çykýar. Bedew at bu ýerde diňe bir haýwan däl-de, eýsem erkinligiň, güýç-kuwwatyň we milli buýsanjyň nyşany hökmünde beýan edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyna girizilen bu eserler ýokary hünär derejesini aýdyň subutnamasydyr. Uçurym we talyp ýaşlaryň akademiki bilimini döredijilik erkinligi bilen utgaşdyryp bilmegi, olaryň geljekde sungat ýolunda uly mümkinçiliklere eýedigini görkezýär. “Bedew batly Watanym” atly sergi tomaşaçyny ata Watanymyzyň taryhy, häzirki döwri we geljegi barada oýlanmaga iterýär. Bu sergi arkaly sungat diňe bir estetik lezzet bermän, eýsem watançylyk duýgusyny pugtalandyrýan, milli aňy terbiýeleýän güýçli ruhy çeşme hökmünde çykyş edýär. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň döredijilik mekdebi hökmünde ähmiýetini, uçurym we talyp ýaşlaryň sungat arkaly Watana bolan söýgüsini hem-de milli çeperçilik däpleriniň häzirki zaman ruhunda dowam etdirilýändigini aýdyň subut edýär.

Biz ýaşlara şeýle ajaýyp zamanada okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp sagbolsun aýdýarys. Olaryň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.


Ogulmaral Çaryýarowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby