logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEDEW BATLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat zenanlar bölüminiň gurnamaklarynda “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary, welaýat bölümleriniň işjeň agzalary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlyklary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplaryndan ugur alyp, türkmen zenanlaryny bezeýän ilkinji aýratynlyk olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan milli edim-gylymlarymyza we ýörelgelerimize wepalylygy barada, dünýäde hiç bir milletiňkä meňzemeýän ajaýyp milli şaý-seplerimiz, egin-eşiklerimiz bütin dünýäni haýrana goýýandygy, öz ukup-başarnyklary bilen dünýä çykmaga ähli mümkinçilikleriň döredilendigi, bu gün ähli ugurlarda ýurdumyzyň halkara abraýyny göterýän zenanlarymyza tutuş halkymyz guwanýandygy, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa belentdigi barada täsirli gürrüňler edildi.

Şeýle ajaýyp döwürde zenanlarymyzyň goýulýan sarpa üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.