logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-nji ýylyň 22-njy aprelinde sagat 10:00-da Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.

Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy

Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92