logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 81 ýyllygy hem-de hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanyp «Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Her bölümçede mugallymlar, beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan mugallymlar we talyplar dürli temalar boýunça çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşi dabaraly ýagdaýda bellenilýär we häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary üçin, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris diýip çykyşlarda bellenildi.
Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Beýik Ýeňşimizi şöhlelendirýän döredijilik eserleriniň sergisine mugallymlaryň we talyplaryň gezelenç syýahaty edildi. Asuda, parahat durmuşymyzy wasp edýän eserlerde ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikleri, halkymyzyň agzybirligi, parahatçylyk söýüjiligi we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýan döredijilik eserlerine syn edildi.
Şeýlelikde, ýaş nesillerimizde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.