logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEÝIK SERDARYŇ RUHUBELENT NESILLERI

Iýul aýynyň 8-ne «Beýik Serdaryň Ruhubelent nesilleri» çagalar medeni dynç alyş we sagaldyş merkezinde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri göçme sergi gurnadylar. Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary, alabaýyň heýkeli, keramika önümi bolan küýzeler, mejimeler, agaç önümleri görkezildi. Sergini görmäge merkezde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçi mugallymlary gatnaşdylar. Sergi täsirli boldy. Muzeýiň ylmy işgäri A.Gurbanmämmedowa gyzykly gezelenç gurnady. Çagalar höwes bilen sergini synladylar. Esasanam haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary çagalarda gyzyklanma döretdi. Sergini synlamaga gelenler muzeýiň hünärmenlerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Teleýaýlymda sergi barada çykyşlar boldy.