logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Beýik ýeňşiň baýramy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 81 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Beýik ýeňşiň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada, şeýle-de tylda zähmet edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söweş ýyllarynyň hem-de Beýik Ýeňşiň aýdymlary, şol ýyllaryň wakalaryny beýan edýän teatr hem-de kino sahnalary, olarda beýan edilýän türkmen halkynyň Watan söýgüsi, mertligi, edermenligi, gaýduwsyzlygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Mekdebiň okuwçylary Beýik Ýeňşe bagyşlanan gysgaça sahna oýunlary, aýdymdyr sazlary, täsirli tanslary, ajaýyp şygyrlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan üçin, il-halk üçin edermenlik görkezen gahrymanlary hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.