logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILDIRIŞ!

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrylan sirk çykyşyny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, Hindistanyň şadyýan maýmynjyklarynyň, Mangoliýa döwletiniň “Baktrial” iki örküçli düýeleriniň, Germaniýanyň “Pudel” güjüjikleriniň, Hindistanyň “Tawus” guşunyň, Şatlandiýanyň “Poni” atlarynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň we täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gelen myhmanlarymyz Aýazbaba bilen Garpamygyň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz. Sirk çykyşlar 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-den 2026-nji ýylyň 11-nji ýanwar aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.

Giriş petekleri “online” görnüşinde sirk.gov.tm resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45 / 36-10-95 / 36-10-34