logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILIM–BAGTYŇ ÇYRAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Bilim–bagtyň çyragy» atly gezelenç geçirildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Medeniýet ulgamynyň bir bölegi bolan kitaphanalar ulgamyna aýratyn üns berildi. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda birnäçe döwrebap kitaphanalar gurulyp ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýaşlaryň bilim almaga bolan yhlasyny höweslendirýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlup ulanylmaga berlen kitaphanalaryň ýene-de bir häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hem onda asman giňişligine gözegçilik etmäge we öwrenmäge mümkinçilik döredilen. Şeýle döwrebap kitaphanalaryň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy häzirki zaman ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde öz okyjylaryna hyzmat edýär. Häzirki wagtda elektron kitaplar, okyjylar köpçüligi tarapynda giňden peýdalanylýar.

Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.