Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri we kitaphanalarda öz bilimlerini artdyrmaklary üçin uly işler alnyp barylýar. Ýakynda umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň toý ruhy gurşap aldy. Täze okuw ýyly mynasybetli bilim ojaklarynda dabaralar, dürli çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hem “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli “Bilimden paý alýan bagtyýar ýaşlar” atly kitap sergi gurnady. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary, şeýle hem dürli ugurlar boýunça okuw kitaplary, milli mirasymyzyň, halk döredijiligimiziň waspyny ýetirýän neşir önümler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.