logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«BILIMLI ÝAŞLAR-DÖWRÜŇ BUÝSANJY» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

«BILIMLI ÝAŞLAR-DÖWRÜŇ BUÝSANJY» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Bilimli ýaşlar-döwrüň buýsanjy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ulgamy bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler, okyjylara döwrebap hyzmat etmekde alnyp barylýan işler, her bir okyjynyň kitaba bolan söýgüsini artdyrmakda kitaphana işgärleriniň borjy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşýan geljekki hünärmenler bilen soraga-jogap alşyldy.