logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BILIMLI ÝAŞLAR WATAN KUWWATY

BILIMLI ÝAŞLAR WATAN KUWWATY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäherini orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda «Bilimli ýaşlar Watan kuwwaty» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden dörän kitaplarynda ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygy barada giňişleýin gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri tarapyndan «Asylly ýörelge-kämil terbiýe» atly giň göwrümli kitap sergisi guralyp, ol gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.