logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPDYR DIÝARYM–ASUDADYR WATANYM

BITARAPDYR DIÝARYM–ASUDADYR WATANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda şanly Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitarapdyr diýarym–asudadyr Watanym» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk dabarasynyň giňden bellenilip geçiljekdigi, bagtyýar halkymyzyň kalbynda uly ruhybelentlik, buýsanç duýgularyny döredýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berýändigi barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahatçylygyň berkararlygy, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.